Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi
Ýokanç keselleri merkezleri müdüriýetiniň Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi 2010-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-inde açyldy. Merkez Aşgabat şäheriniň we ähli welaýatlaryň ilatyna ýokanç keselleri ugry boýunça gije-gundiziň dowamynda lukmançylyk kömegini amala aşyrýar. Kuwwatlylygy 260 býudjet orunly, şol sanda 160 çagalar orny, 100 sanysy ulularyň orny bolup durýar. Merkeziň düzüminde kabul ediş bölümi, 9 sany bejeriş bölümi(Ýiti içgeçme çagalar,Ýiti içgeçme ulular,Ýiti respirator çagalar, Ýiti respirator ulular,Howa damja keselleri,Aýratyn howply keselleri,Wirusly gepatit çagalar, Wirusly gepatit ulular, 1 funksional anyklaýyş( Ultra sesli barlag, fibrogastroskopiýa, fibroskan, elektrokardiografiýa, ehokardiografiýa barlaglary) we funksional bejeriş bölümi Giperbariki oksigenasiýa, 4 sany kömekçi( Aşhana, Kir ýuwulýan bölüm, Sterilizasiýa bölümi, Dezkamera) bölümler bar.
Merkez Türkmen Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň Ýokanç keselleri kafedralarynyň okuw bazasy we maslahat beriş metodiki merkezi bolup durýar.
Merkezde işler türkmen dilinde tassyklanan hereket edýän buýruklaryň we görkezmeleriň esasynda amala aşyrylýar.
Ýokanç keselleri bejeriş öňüni alyş merkezi ýurdumyzda ýokanç kesellerini anyklamak, bejermek, öňüni almak maksady bilen çykarylan buýruklar esasynda işleýär:
1) TSG we DSM-niň 2010-njy ýylyň sentýabr aýynyň 11-däki 336 belgili “Türkmenistanda lukmançylyk galyndylary bilen howpsyz işlemek boýunça ulgamy kämilleşdirmek barada” buýrugy
2) TSG we DSM-niň 2012-nji ýylyň noýabr aýynyň 01-den 395 belgili “Türkmenistanda wirusly gepatitleriň öňüni almak barada” buýrugy
3) № 916 belgili buýruk boýunça sanitar–epidemiologik düzgünleri Ýokanç keselleri hassahanalarynda(bölümlerde) berjaý etmek.
4) TSG we DSM–niň 1997-nji ýylyň Aprel aýynyň 22-den 75 belgili buýrygy esasynda”Garyn garahassa” keselli näsaglary öz wagtynda ýüze çykarmagyň çärelerini güýçlendirmek.
5) TSG we DSM–niň 2011-nji ýylyň dekabr aýynyň 29-ndäki № 502 belgili buýrugynyň esasynda”Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça gözükdirijileri tassyklamak
“ we TSG we DSM–niň №202 buýrugy “Ilatyň arasynda gyrgynçylyk we mergi kesellerini öňüni almak barada geçirmeli çäreler.”
6) TSG we DSM-niň 27.11.1995 ý. №9-237/21 belgili buýruk
“Türkmenistanda ilatyň arasynda içege yokanç keselleriniň öňüni almak barada” buyrugy
7) TSG we DSM–niň 2016-njy ýylyň Fewral aýynyň 24-den 48
belgili buýrugy “Gripp we beýleki ýiti respirator ýokançlaryna garşy dozor epidemiologiki gözegçiligi kämilleşdirmek barada".
8) 2009-njy ýylyň iýul aýynyň 7-nden 205 belgili buýruk
“Türkmenistanda gyzamyk, gyzylja kesellerine we dogabitdi gyzylja
ýokanjyna, dogabitdi gyzylja sindromyna epidemiologiki
gözegçiligini girizmek barada”
9) 1993-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-den 115 belgili “Difteriýa keseliniň öňüni almak çäreleri barada.
10) 2002-nji ýylyň maý aýynyň 11-den 67 belgili buýruk “Ilat arasynda guduzlama keseliniň öňüni almak çäreleri barada.
Kabul ediş bölümi.
Syrkawlary kabul etmek üçin bölümde 5 sany izolýator göz öňünde tutulan:
• Içege keseleri kabul etmek üçin
• Respirator keselleri kabul etmek üçin
• Wirusly gepatitleri kabul etmek üçin
• Howa damja üsti bilen geçýän keselleri üçin
• Aýratyn howply keselleri kabul etmek üçin
Zerurýetlik ýüze çykan ýagdaýynda ilkinji saglygy goraýyş kömegi berilýär.
Bölümlere ýatymlaýyn bejergä ýerleşdirilýän syrkawlara arassaçylyk çäreleri geçirilýär.
Syrkawlary alyp gelen sanitar ulaglary zyýansyzlandyrylýar.
Içege ýokanç keselleri ulular we çagalar bölümleri.
Bölümlerde syrkawlar garyn garahassa, şigellioz, salmonellioz, amebiaz, ýiti gastroenterokolit, botulizm we iýmit zäherlenme kesel kesgitleri bilen bejergi alýarlar.
Bölümlerde syrkawlara geçirilýän barlaglar:
• ganyň umumy barlagy, ganyň biohimiki barlagy, ganyň gizlin ýokançlara barlagy, ganyň IFA barlagy ( askarida, ehonokkok, liýambliýa), ganyň arassalyga barlagy, ganyň gemokulturasy, ganyň serologiki barlagy(Widal barlagy), ene süýdüniň bakteriologiki barlagy, FGDS we kolonoskopiýa barlagy, EKG we USB
• täretiň umumy barlagy, täretiň gurçuk tohuma barlagy täretiň bakteriologiki barlagy, täretiň wiruslara barlagy, täretiň amiýoba barlagy, aşgazan we içege ýuwundylarynyň bakteriologiki barlaglary
• peşewiň umumy barlagy, peşewiň Neçiporenko barlagy
Bölümlerde syrkawlara geçirilýän bejergiler:
• berhiz saklamak(diýetaterapiya)
• oral regidratasiýasy ( regidrat , gaýnan suw , ýandakly çaý)
• dezintoksikasiýa we regidratasiýa bejergi
• antibakterial bejergi
• wirusa garşy bejergi
• fermentatiw bejergiler
• fitoterapiýa
• kömelejiklere garşy bejergi
Bejergä girizilen täzelikler: Ýiti içege keselleriň bejergisine wiruslara garşy Anaferon we Immunogen ORVI derman serişdeleri girizildi.
Angina we ýiti respirator keselleri ulular we çagalar bölümleri.
Bölümlerde syrkawlar angina, ýiti respirator keselleri we onuň gaýraüzülmeleri laringotraheit, bronhit, pnewmoniýa kesel anyklamalary bilen bejergi alýarlar.
Bölümlerde syrkawlara geçirilýän barlaglar:
• ganyň umumy barlagy, ganyň biohimiki barlagy, ganyň gizlin ýokançlara barlagy, ganyň merezýele we AIW ýokançlaryna barlag
• täretiň umumy barlagy, täretiň gurçuk tohuma barlagy
• peşewiň umumy barlagy
• damakdan we burundan Basilla Lefflere we flora barlagy.
• 48 belgili buýruga laýyklykda Gripp we beýleki ýiti respirator kesellerine garşy dozor gözegçiligi boýunça damakdan Influenza A,B we başga respirator wiruslara PSR çalma barlagy
• Döş kapasasynyň agzalarynyň R-gen barlagy, EKG we USB
Bölümlerde syrkawlara geçirilýän bejergiler:
• dezintoksikasiya we regidratasiýa bejergi
• antibakterial we antiseptiki bejergi
• wirusa garşy bejergi
• desensibilizasiýa bejergi
• bronholitiki we mukalitiki bejergi
• garmon bejergi(stenozda)
• witamin bejergiler
• fitoterapiýa
• kömelejiklere garşy bejergi
• fizio bejergi(ingalýasiýa, elektroforez, UWÇ we başga)
Barlaga girizilen täzelikler: damakdan influensa A,B we başga respirator wiruslara PSR çalma barlagy
Wirusly gepatitler ulular we çagalar bölümleri
Bölümlerde ýiti we dowamly wirusly gepatitli syrkawlar bejergi alýarlar.
Bölümde geçirilýän barlaglar:
1. Ganyň we peşewiň umumy barlagy
2. Täretiň gurçuk tohumyna barlagy
3. Ganyň biohimiki barlagy
4. Ganyň IFA barlagy (Anti HAV;HBsAg;Anti HCV;Anti HDV)
5. Ganyň RW we AIW barlagy
6. Ganyň gyzzyrma keseline barlagy
7. Ganyň lagtalanma wagty we protrombin
8. USB (içki organlar)
9. EKG.
10. Fibroskan
11. Fibrogastroduadenoskopiýa
12. Ganyň galkan şekilli mäziň garmonlaryna barlagy
Bölümde geçirilýän bejergiler:
1. Berhiz №5
2. Düzgün
3. Gepatoprotektorlar
4. Diuretikler
5. Metabolikler
6. Dezintoksikasiýa bejergi
7. Fermentler
8. Spazmolitikler
9. Adsorbentler
10. Witamin bejergi
11. Antibakterial bejergi
12. Immunomodulýatorlar
13. Desensibilizirleýji bejergi
Howa we damja ýollary arkaly geçýän ýokanç keseller bölümi.
Bölümde howa damja ýollary arkaly geçýän(täjihoraz, garamyk, hapgyrtma, meningit, gyzamyk, gyzylja, gökbogma,hörezek) keselli syrkawlar bejergi alýar.
Bölümde syrkawlara geçirilýän barlaglar:
• ganyň umumy barlagy, ganyň biohimiki barlagy, ganyň diplokoklara ýogyn damja barlagy, garamykda ganyň IFA barlagy
• täretiň umumy barlaga, täretiň gurçuk tohumyna barlaga
• peşewiň umumy barlagy, peşewiň Niçiporenko barlagy
• damakdan we burundan flora, meningokoka, basilla Leflerera çalma
• Gaňyşgyrawykdan meningokokka çalma
• Oňurga ýiliginiň suwuklygynyň barlagy, Likworyň meningokokka barlagy. Likworyň bakteriologiki barlagy
Bölümde geçirilýän bejergiler:
• dezintoksikasiýa bejergi
• antibakterial bejergi
• wiruslara garşy bejergi
• gormonal bejergi
• desensibilizirleýji bejergi
• simptomatiki bejergi
• witamin bejergi
Aýratyn howply keseller bölümi.
Bölümde Aýratyn howply keselli(Mergi, Gyrgyn, Ot baş keseli,Gyzzyrmalar), Brusellýoz keselli, Guduzlama keselli syrkawlar bejergi almaly
Bölümde näsaglara geçirilýän barlaglar:
• ganyň umumy barlagy, ganyň biohimiki barlagy, ganyň brusellýoza barlagy, ganyň gyzzyrma keseline barlagy, ganyň brusellýoza IFA barlagy, ganyň AIW ýokanja barlagy
• täretiň umumy barlaga, täretiň gurçuk tohumyna barlaga
• peşewiň umumy barlagy, peşewiň Niçiporenko barlagy
Täze girizilen barlaglar: ganyň bruselliýoza IFA barlagy,
• EKG,USB,Rentgen barlagy
Bölümde geçirilýän bejergiler:
• antibakterial bejergi
• steroid däl bejergi
• dessensibilizasiýa bejergi
• dezIntoksikasiýa bejergi
• spazmolitikler
• witamin bejergi
• gepatoprotektorlar
• wirusa garşy bejergi.
• gormonal bejergi
• gyzzyrma keseline garşy bejergi
Reanimasiýa intensiw bejergi geçiriş bölümi.
Bölümde gaýragoýulmasyz intensiw bejergä mätäç ýokanç keselli syrkawlar bejergi alýarlar.
Bölümde syrkawlara geçirilýän barlaglar:
• ganyň umumy barlagy, ganyň biohimiki barlagy, ganyň gizlin ýokançlara barlagy, ganyň arassalyga barlagy, ganyň gemokulturasy, ganyň serologiki barlagy(Widal barlagy), ene süýdüniň bakteriologiki barlagy, Ganyň gepatitleriň markýorlaryna IFA barlagy. ganyň toparyny we Rh faktoryna barlagy, ganyň gyzzyrma keseline barlagy
• täretiň umumy barlagy, täretiň gurçuk tohuma barlagy, täretiň bakteriologiki barlagy, täretiň wiruslara barlagy, täretiň amiýoba barlagy, täretiň PSR barlagy (ähli içege ýokançlaryna), aşgazan we içege ýuwundylarynyň bakteriologiki barlaglary
• peşewiň umumy barlagy, peşewiň Neçiporenko barlagy
• EKG, USB, Fibroskan, KT, R-gen, MRT, FGDS, Kolonoskopiýa
Bölümlerde syrkawlara geçirilýän bejergiler:
• berhiz saklamak(diýetaterapiya)
• oral regidratasiýasy ( regidrat , gaýnan suw , ýandakly çaý)
• dezintoksikasiýa we regidratasiýa bejergi
• antibakterial bejergi
• wirusa garşy bejergi
• garmon bejergi
• simtomatiki we sindromal bejergi
• fermentatiw bejergiler
• fitoterapiýa
• kömelejiklere garşy bejergi
• Barokamera bejergisi
Bejergä girizilen täzelikler: bagyr ensefalopatiýasynda Glýutargin, Gepamers, Toksiki karditlerde Karnitin we onuň analoglary ulanylýar.
Funksional-anyklaýyş bölüminde geçirilýän barlaglar
Ultrases barlaglary
- Bagryň USB
- Öt haltanyň USB
- Dalagyň USB
- Galkan şekilli mäziň USB
- Böwrek üsti mäzleriň USB
- Böwregiň USB
- Peşew haltanyň USB
- Aýal jyns organlarynyň USB
- Göwreliligiň USB
- Prostatanyň USB
- Aşgazan asty mäziň USB
- Plewral boşlygynyň USB
Fibroskan barlagy
EKG
Rentgen barlaglary
- Döş kapasa organlarynyň rentgenskopiýasy
- Rentgenografiýa
- Aşgazan içege ýollarynyň rentgen barlaglar(skopiýa we grafiýa)
Endoskopiýa barlaglary
- rektoskopiýa
- fibrokolonoskopiýa
- Ezofagogastroduodenoskopiýa
Fiziobejergi bölüminde geçirilýän bejergiler:
• Elektroforez
• UWÇ bejergi
• Ozokerit
• Tubus kwars
• Ingalýasiýa
• Wakum bejergi
• Ultrases bejergi
Dispanser gözegçilik otagy.
Ýokanç kesellere dispanser gözegçilik geçirmeklik TSG we DS ministrligiň 2018 ýylyň 14 martynda çykaran 93 buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar we otag aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär:
1. Aşgabat şäher we welaýatdan gelen raýatlary ambulator şertlerde ýokanç keseller lukmany kabul edýär
2. Labarator we beýleki barlaglary tabşyrmak üçin näsaglary degişli barlaghanalara we bölümlere ugradylýar
3. Ýokanç keselleri geçirilende ilkinji dispanser gözegçiligini ýola goýulýar.
4. Ýokanç keselleriň belli bir toparyna (wirusly gepatitleriň, bruselýoz we beýlekileri geçiren) näsaglarda labarator we enjamlaýyn barlaglary geçirip olaryň esasynda dispanser gözegçiligine geçirilýär
5. Ambulator ýüz tutanlar hasaba alynýar, rekonwalesent we dowamly näsaglara degişli dispanser gözegçiligini barlag kartasyny (0.30-3h) her bir näsaga doldurylýar.
Merkez boýunça girizilen täzelikler:
• Welaýat merkezlerinde ýerleşýän ýokanç keseller hassahanalary we welaýat KUH-ň ýokanç keseller bölümleri bilen teleköpri arkaly aragatnaşyk ýola goýuldy. Ýörite berkidilen jogapkär lukmanlar tarapyndan yzygiderli geçirilýän söhbetdeşliklerde ýerlerde ýokanç keselleriň ýagdaýy öwrenilýär, welaýat saglygy goraýyş edaralarynda bejergi alýan, maslahata mätäç syrkawlara konsultatiw kömegi berilýär.
• Beýleki saglygy goraýyş edaralary bilen resminamalary elektron görnüşinde ibermek we kabul etmek ýola goýuldy.
Edaranyň ady: Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti (ÝKMM)
Salgysy: 744020, Aşgabat şäheri, «Çoganly» ýaşaýyş toplumy, O.Annaýew köçesi, 79-njy jaý
Telefon belgisi: +993 (12) 73-99-26
Faks belgisi: +993 (12) 73-99-27
E-poçta salgysy: ykmm_cid@sanly.tm
Gatnaw ulaglary:
Awtobuslar: 11, 17, 53
Ugur almak üçin bellik: Morfologiýa merkezi
Edaranyň kartada ýerleşýän ýeri: Ýandeks Karta